Soňky habarlar

Arhiw

TFF-niň Baş sekretary: "Türkmen futbolçylaryna üstünlik arzuw edýärin"

01:5319.07.2019
0
6777

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Baş sekretary Arslan Aýnazarow 2022-nji ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň bije çekişliginiň netijeleri barada pikirini paýlaşdy. Ýeri gelende bellesek, Dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynda ýurdumyzyň milli ýygyndysy “H” toparçada Günorta Koreýanyň, Liwanyň, Demirgazyk Koreýanyň hem-de Şri-Lankanyň milli ýygyndylary bilen bäsleşer. Ýygyndy toparymyz saýlama tapgyryndaky birinji duşuşygyny myhmançylykda Şri-Lankanyň milli ýygyndysynyň garşysyna geçirer.

Arslan Aýnazarow, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Baş sekretary:

–  Dünýä çempionatynyň saýlama tapgyryndan nähili netijä garaşyp bolar? Guramaçylyk babatynda bizde hemme mümkinçilikler döredilen. Bizden diňe ýokary netijelere garaşýarlar. Anyk maksadymyz bar diýip arkaýynlyk bilen aýdyp bilerin. Toparçada birinji ýa-da ikinji orny eýelemegi esasy maksadymyz edinýäris. Futbol janköýerlerimiziň hemmesiniň arzuwyna goşulýaryn. Ýurdumyzyň milli ýygyndysyna diňe şowly oýunlary geçirmegini arzuw edýärin.

Ýeri gelende bellesek, bije çekişlikden öň Kataryň paýtagty Dohada Kataryň Futbol Assosiasiýasynyň prezidenti Hamad bin Halifa Al-Tani bilen iş saparynda bolan Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň Baş sekretary Arslan Aýnazarowyň duşuşygy bolup geçdi. Onuň dowamynda Hamad bin Al-Tani Türkmenistanyň milli ýygyndysyna 2022-nji ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynda şowly çykyş etmegi arzuw etdi.

Kataryň Futbol Assosiasiýasy bilen Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn ylalaşygyň netijesinde şu ýylyň başynda ýurdumyzyň Olimpiýa ýygyndysynyň Dohada okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirendigini aýratyn bellemek gerek.

Çeşme

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň