Türkmenistanda 72 saz guralyny öwrenmek boýunça işler alnyp barylýar

21:2218.07.2019
0
7751

Balkan welaýatynyň Medeniýet müdirliginiň “Türkmeniň milli 72 saz guraly kalbymyzyň owazy” ady bilen welaýat kitaphanasynda çäre gurnady. Bu ýerde gadymdan bäri ulanylyp gelnen köp öwüşgünli saz gurallarynyň sergisi geçirildi. Çärä Balkan welaýatynyň häkimliginiň, medeniýet, sungat, kitaphana işgärleri we aýdymçylar gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýylyň 6 aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen milli konserwatoriýasynyň täze bellenen rektoryna milli saz gurallary öwrenip, olaryň gaýtadan dikeltmek barada tabşyryklary berdi. Häzir bu tabşyrygy ýerine ýetirmek üçin ýurduň ähli sebitlerinde işler alnyp barylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň