Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly atçylyk sportçylar Podmoskowýedäki halkara ýaryşa gatnaşýarlar

20:3118.07.2019
0
2744

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu günler Moskwa oblastynyň Dmitr etrabynyň Gorki Suharewskiý obasynda ýerleşýän MAXIMA PARK atçylyk toplumynda konkur boýunça Ýewraziýa çempionatynyň sebitleýin ýaryşy geçirilýär. 17 - 21-nji iýul aralygynda geçirilýän ýaryşa Türkmenistanyň milli ýygyndysy hem gatnaşýar.

Ýewraziýanyň çempionaty FEI-niň (Atçylyk sporty boýunça halkara federasiýanyň) çempionatynyň sebitleýin bölegidir. Oňa jemi 22 döwletiň wekilleri gatnaşýarlar. Olar Merkezi we Gündogar Ýewropa hem-de Aziýa wekilçilik edýärler. Ýaryşa biziň ildeşlerimizden başga-da, Azerbaýjanyň, Belarusyň, Bolgariýanyň, Wengriýanyň, Gresiýanyň, Gruziýanyň, Ysraýylyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Litwanyň, Makedoniýanyň, Polşanyň, Rumyniýanyň, Russiýanyň, Slowakiýanyň, Sloweniýanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Horwatiýanyň, Çehiýanyň we Estoniýanyň wekilleri gatnaşýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň