Soňky habarlar

Arhiw

Merdan Gurbanow: "Her utuk altyna barabar"

14:3618.07.2019
0
8332

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň we "Ahalyň" ýarym goragçysy Merdan Gurbanow Dünýä çempionaty - 2022-niň hem-de Aziýa kubogy - 2023-iň saýlama tapgyryna bije çekilişikden soň "Türkmenportala" öz pikirlerini beýan etdi.

«Men ilki bilen "H" toparçanyň asla gowşak toparça däldigini aýtmak isleýärin. Bize hiç zat ýeňil bolmaz, Dünýä çempionaty - 2022-ä barýan ýoldaky her bir utuk altyna barabar bolar. Bize her duşuşykda utuk ýygnamak gerek. Kyn düşer, ýöne biz muny başaryp bileris. Elbetde, şowsuzlyklardan hiç kimem halas däl. Haýsydyr bir başga toparyň toparçadaky ýagdaýy barada pikirlenmän, diňe öz oýnumyz bilen bolarys. Ähli duşuşyga doly taýýarlyk bilen barsak, hiç bir garşydaşdan hem heder etmeris. Her bir duşuşykda meýdana diňe ýeňiş üçin çykarys". 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň