Soňky habarlar

Arhiw

Arslanmyrat Amanow: «Ýeňiş bilen başlamak möhüm»

12:0018.07.2019
0
5580

Futbol boýunça Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyryna bije çekilişikden soňra, «Türkmenportal» Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň kapitany Arslanmyrat Amanow bilen ýörite söhbetdeşlik gurnady. Internet arkaly geçirilen söhbetdeşligimiziň esasy maksady kapitanyň bije çekilişik we garaşylýan netije baradaky pikirlerini bilmekden ybaratdyr.

― Arslanmyrat, toparça mälim. Garşydaşlarymyz baradaky pikiriňiz.

― Biz garşydaşlarymyzyň ählisine hormat goýýarys. Ýaryş ― Dünýä çempionatynyň saýlama tapgyry. Şonuň üçin hem bu ýaryşda güýçsüz topar ýok. Hiç bir duşuşyk hem biziň üçin aňsat bolmaz.

― Siziň pikiriňizçe, toparçada haýsy ýygyndy has rüstem?

― Elbetde, şeýle seredeniňde, Koreýa Respublikasy rüstem ýaly görünýär. Ýöne biziň üçin ejiz ýygyndynyň bolmaýşy ýaly, has rüstem topar hem ýok. Geçen Aziýa kubogynda yklymyň öňdebaryjylarynyň biri Ýaponiýa bilen deňeçer oýny orta goýup biljekdigimizi görkezdik. Janköýerlerimiziň Koreýadan hem, beýleki topardaşlarymyzdan hem asla heder etmeýändigimizi bilmegini isleýärin.

― Geçen Dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynda ilkinji duşuşykda Guamdan utulypdyk. Hernä, soňy öz isleýşimizçe boldy. Diýjek bolýanymyz, ýene ilkinji duşuşygymyzy Şri-Lanka bilen myhmançylykda geçiriris. Ilkinji duşuşygyň ähmiýeti tutuş ýaryş üçin möhümmmikä diýýäris.

― Elbetde! Biziň ilkinji maksadymyz ýaryşa ýeňiş bilen başlamak. Çünki ilkinji ýeňiş indiki ädimlerimize hem itergi berer. Beýle ýaryşlarda her utugyň gymmaty uly. Şonuň üçin Guamdaky duşuşykda goýberilen ýalňyşlygy gaýtalamazlyk üçin elimizden gelenini gaýgyrmarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň