Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Ursula fon der Lýaýeni Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy wezipesine saýlanmagy bilen gutlady

23:5417.07.2019
0
5335

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hanym Ursula fon der Lýaýene Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy wezipesine saýlanmagy mynasybetli Gutlag hatyny we oňa iň gowy arzuwlaryny ýollady diýip, TDH habar berýär.

«Biz Türkmenistanda Ýewropa Bileleşigi bilen özara gatnaşyklarymyza ýokary baha berýäris hem-de ýola goýlan köpugurly we netijeli hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de ösdürmegi we pugtalandyrmagy maksat edinýäris» diýip, milli Liderimiz Gutlagynda belleýär.

Bu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Ýewropa Komissiýasynyň Başlygyna tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, şeýle hem ýokary, jogapkärli täze wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň