Türkmenistanda "Miras" žurnalynyň täze sany okyjylara gowuşdy

22:4717.07.2019
0
14951

Ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy diýip, TDH ýazýar.

Türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilýän žurnalyň sahypalarynda giň okyjylar köpçüligine niýetlenip, ýurdumyzyň hem-de daşary döwletleriň alymlarynyň täze ylmy açyşlary, halkymyzyň taryhy-medeni we ruhy mirasy boýunça geçirilen barlaglaryň netijeleri hakynda makalalar yzygiderli ýerleşdirilýär.

“Abiwerdde üsti açylan orta asyr ýaşaýyş jaýy” atly makalada Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda, şol sanda Peşdagda bar bolan taryhy ýadygärlikler hakynda giňişleýin maglumat berilýär.

Lutfynyň “Gül we Nowruz” poemasynyň nusgalary barada” atly makalada bu poemanyň döredilmeginiň şol döwrüň medeni durmuşynda, hakykatdan-da, ähmiýetli waka bolandygy aýdylýar. Sözleriň sazlaşygy, awtoryň ussatlygy bu eseriň kämilligine şaýatlyk edýär. Ol diňe bir Lutfynyň däl, eýsem, soňky türkmen şahyrlarynyň, ýazyjylarynyň, şol sanda Magtymguly Pyragynyň döredijiligine oňyn täsirini ýetiripdir.

“Medeniýetleriň, halklaryň we siwilizasiýalaryň özara gatnaşyklary” atly bölümde ýurdumyzyň alym-arheologlarynyň “Şähryslamyň metal önümleri” makalasy ýerleşdirilýär. Şol bölümde ýerleşdirilen özbek alymynyň makalasy Beýik Mogollar döwletini esaslandyran, görnükli serkerde, filosof we ýazyjy, taryhy edebiýatda ýatlama häsiýetli eseriň ilkinji nusgasy — “Babyrnamany” we “Diwan” şahyrana eserini döreden Zahyreddin Muhammet Babyryň edebi döredijiligine bagyşlanypdyr. 

Žurnalyň ahyrynda owadan bezegli fotosuratlar arkaly Türkmenistanyň jemgyýetçilik, ylmy we medeni durmuşynda 2019-njy ýylyň birinji çärýeginde bolup geçen wakalara syn berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň