"Ukyply kärdeşler" hususy kärhanasy her ýyl 250 müň tonna gurluşyk serişdelerini öndürýär

01:2817.07.2019
0
3325

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Garagan obasynyň çäginde ýerleşýän Gazbiton önümlerini öndürýän “Ukyply kärdeşler” hususy kärhanasynyň gazbeton önümlerini öndürýän kärhanasy 2015-nji ýylyň maý aýynda bina edildi. Bu kärhananyň umumy tutýan meýdany 25 gektara barabardyr. Ýylda 70 müň tonna gury gurluşyk garyndy önümlerini we 180 müň inedördil gaz beton öndürmek maksady bilen gurlan bu kärhana daşary döwletlerden getirilen kämil tehnologik enjamlary oturdylan kärhana çäge ýuwulaýan, gury gurluşyk garyndylaryny öndürýän, gazbiton bloklaryny öndürýän, dik degirmen we hek öndürýän bölümlerden ybaratdyr.

Gury gurluşyk garyndylaryny öndürýän we gazbiton bloklaryny öndürýän bölümlerde çig mal hökmünde sement, kwars çägesi, üwelen gips, gips daşy, sönmedik hek we alýumin pagtasy ulanylýar. Çig mallaryň aglaba bölegi öz döwletimizde öndürilýän önümlerden ybaratdyr. “Ukyply kärdeşler” hususy kärhanasynyň dik degirmen bölüminde önümçilikde ulanylýan hek daşy, gips belli bir ölçegde üwelýär.

Kärhananyň gurluşyk önümleri daşary döwletlere eksport edilýär. Gazbiton bloklary üçin ýelim, keramiki plitalar üçin ýelim halkymyza amatly bahalardan ýetirilýär. Bu ýerde 150 adamyň işlemekleri üçin iş orunlary döredilendir. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň