Daşoguz welaýatynda sargy serişdeleriniň her ýyl 13 million gaby öndürilýär

01:2417.07.2019
0
1272

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Türkmenderman” senagat birleşiginiň Daşoguz şäherinde açylan täze döwrebap kärhanasynda lukmançylyk ulgamyna has köp isleg bildirilýän sargy serişdelerini öndürmeklige ähli mümkinçilikler we şertler bar. Kärhananyň önümçilik kuwwaty her ýylda  11 görnüşli taýýar önümiň 13 million gabyny öndürmekden ybarat.

Daşary ýurt kompaniýalarynyň ösen, kämil enjamlary bilen üpjin edilen zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini öndürýän kärhanada ýokary hilli önüm öndürmek üçin döredilen şertler guwandyryjydyr.  Kärhana 4 bölümden ybarat bolup, olar agartma, gipsleýji, dokmaçylyk, leýkoplaster we bint önümlerinden ybaratdyr. Kärhananyň beýleki bölüminde hasa, zyýansyzlandyrlan hasa, gipsli hasa, zyýansyzlandyrylan ýapgy, maýyşgak sargy, dyzlyk, goşarlyk, ýara plaster, sanjymplasteri ýaly önümler öndürilýär. Şu ýylyň alty aýnda bu ýerde belldenilen tabşyryklar üstünlikli ýerine ýetirildi.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň