“Barselona” ýaponiýaly oýunçyny hataryna goşdy

17:3616.07.2019
0
1545

Ispaniýanyň “Barselona” topary ýapon kluby “Kaşima Antlersiň” ýerli hüjümçisi Hiroki Abeni transfer etdi. Katalonlar bu transfer üçin ýapon klubuna 1,1 million ýewro berer. 20 ýaşyndaky oýunçy ispan topary bilen 4 ýyllyk şertnama baglaşdy. Ol “Barselonanyň” “B” toparynda çykyş eder. 2018-nji ýylda Ýaponiýanyň iň ökde ýaş futbolçysy saýlanan Abe “Kaşima Antlersde” 79 oýunda 10 gol geçirdi. Oýunçyny transfer etmek isleýän klublar häzirki ýagdaýda 40 million ýewro, eger-de Abe “Barselonanyň” esasy toparynda çykyş edip başlanyndan soň, 100 million ýewro tölemeli bolarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň