Soňky habarlar

Arhiw

BT: Iýmit önümleriniň gaplamalaryna täze “Reňkli” belgilenme giriziler

03:4116.07.2019
0
1067

Iýmit önümleriniň gaplamalaryna täze “Reňkli” belgilenmeler girizmek üçin “GOST”-yň üstünde alnyp barlan redaksion işler tamamlandy. Täze “GOST” ölçeginiň standartlaşdyrmak boýunça Ýewraziýa geňeşine girýän – Russiýa Federasiýasy, Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan döwletleriniň çäginde hereket etmegine garaşylýar diýip, "Biznes Türkmenistan" saýty ýazýar.

Rosstandartyň habar bermegine görä, “Reňkli” belgilenmeleriň “GOST”-ny oktýabrda kabul etmek meýilleşdirilýär. Resminamanyň tamamlanan görnüşini Russiýa Federasiýasynyň Federal döwlet ylym býujet edarasy bolan “Iýmit, biotehnologiýalar we azyk howpsuzlygynyň federal barlag merkezi” (FBM) tarapyndan taýýarlanyldy. Bu resminamada bellenişine görä, gaplarda görkeziljek reňkli belgiler arkaly alyjylar önümlerde näçe mukdarda şekeriň, duzuň we ýaglaryň bardygyna göz ýetirerler. Şeýle hem önümde gatanjyň artygyny gyzyl çyzyjyk arkaly görüp bilerler.

Ilkibaşda öndürijileriň “Reňkli” belgilenmeleri meýletin ulanmaklaryna garaşylýar. Iýmit we biotehnologiýalar FBM-de hem öňe sürülýän bu taslamany tassyklaýarlar we döwletara ölçegler bu ugurda kadalaryň döredilmegine esas bolar diýip belleýärler. Hatda, olar standartlaşdyrmak boýunça Ýewraziýa geňeşine girýän ähli ýurtlaryň çäklerinde ulanylar.

Russiýa Federasiýasynda “Reňkli” belgilenmeler 2018-nji ýylyň 1-nji iýunyndan başlap meýletin ulanyşa girizildi. Ilkibaşda bu taslama diňe doňdurma öndürijileri gatnaşdylar. Soňra alkogolsyz içgileri öndürijiler goşuldylar. Häzirki wagtda iýmit önümleriniň belgilenmegine bildirilýän talaplara “Reňkli”  belgilenmeleri ulanmak zerurlygy girizilmeýär. Şunuň bilen birlikde, standartlaşdyrmak boýunça milli ulgamyň resminamalary meýletin esasda alnyp barylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň