Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň medeniýet wekiliýeti Ankara şäherine geldi

02:5816.07.2019
0
803

15-nji iýulda Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärlerinden ybarat wekiliýeti Erzurum şäherinden Ankara şäherine geldi. Olar Erzurum - Siwas - Ankara gara ýoly bilen gelip, agşam paýtagtdaky "Point" myhmanhanasynda ýerleşdiler.

Şu günüň birinji ýarymynda şäherdäki "Türkmenistan" seýilgähine baryp görmek we Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine zyýarat etmek meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň wekiliýeti sagat 17-däki Ankara - Aşgabat howa gatnawy bilen Watanymyza dolanyp gelerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň