Türkmenistanyň Türkiýedäki Medeniýet günleri tamamlandy

23:5114.07.2019
0
4090

Şu gün Atatürk uniwersitetiniň medeniýet merkeziniň «Milli erk» binasynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy.

Döredijilik çäresiniň dabarasy Siwas şäherinde başlandy, soňra bolsa Erzurum şäherinde dowam etdi, bu ýerde ýurdumyzyň amaly-haşam sungaty eserleriniň we muzeý gymmatlyklarynyň sergileri, fotosergi guraldy, sungat ussatlarynyň konsertleri boldy.

Türkmen-türk gatnaşyklarynyň işjeňleşmegine ikitaraplaýyn ynsanperwer hyzmatdaşlygyň çäklerinde köp sanly maslahatlary, festiwallar, sergiler, konsertler hem-de iki ýurtda guralýan beýleki çäreler ýardam berýär.

Şu gezekki medeni çäräniň maksatnamasy köp sanly wakalara, ýurdumyzyň döredijilik işgärleri bilen duşuşyklara baý boldy. Ýurdumyzda milli mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy aýawly goramak, ony baýlaşdyrmak hem-de geljekki nesillere ýetirmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasyna gatnaşyjylar Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowa we Rejep Taýyp Ärdogana alyp barýan parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de netijeli hyzmatdaşlyk syýasaty we ynsanperwer gatnaşyklaryň çäkleriniň giňeldilmegi ugrunda edýän yzygiderli tagallalary üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Bellenilişi ýaly, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki belent derejesine iki doganlyk ýurduň özara ynama esaslanýan hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, ony oňyn özgertmeler ruhunda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gyzyklanmalary netijesinde ýetildi.

Dabara tamamlanandan soňra sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti boldy. Türkmen artistleri ýurdumyzyň köpöwüşginli medeniýetini açyp görkezdiler, folklor we häzirki zaman eserleri bilen çykyş etdiler, olarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda täze belentliklere tarap öňe barýan Watanymyz wasp edildi. Gadymy küştdepdi tansynyň ýerine ýetirilmegi dostluk baýramynyň ajaýyp jemlemesine öwrüldi.

Bu aýdym-saz baýramçylygy şu gezekki döredijilik çäresiniň türkmen-türk gatnaşyklarynyň ýylýazgysynda eýeleýän ornuny artdyrdy, mizemez dostluk gatnaşyklary, taryhy, medeni we ruhy umumylyk iki doganlyk ýurduň halklaryny birleşdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň