Soňky habarlar

Arhiw

Ahmet Ataýew "Sabahyň" düzüminde ilkinji goluny geçirdi

21:1514.07.2019
0
5237

Türkmenistanly ýarym goragçy Malaýziýanyň "Sabah" futbol toparynyň düzümindäki ilkinji goluny geçirdi diýip, Daily Express habar berýär. Ýurduň Premýer ligasynyň hatarynda geçirilen duşuşykda Ahmet Ataýewiň topary "Kelantin" bilen duşuşdy.

Biziň ildeşimiz duşuşygyň 58-nji minudynda serbiýaly hüjümçi Rodolýub Paunowiçiň özüne geçiren pökgüsinden hasaby açdy. Bu ýeke-täk pökgi "Sabaha" arzyly ýeňşi getirdi.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Ahmet Ataýew şu ýylyň maý aýynda erkin agent hökmünde "Sabah" bilen şertnama baglaşypdy. Onuň şertnamasy şu ýylyň ahyryna çenlidir. "Sabah" ýurduň iň ýokary ligasynda çykyş edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň