Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda FIFA-nyň eminlik ediş okuw-maslahaty öz işini tamamlady

18:5614.07.2019
0
3093

Aşgabat şäherinde geçirilen FIFA-nyň eminlik ediş okuw-maslahaty şu gün – 14-nji iýulda öz işini tamamlady. Geçirilen okuw-maslahatynyň jemi boýunça eminlerimize FIFA-nyň ýörite sertifikatlary gowşuryldy diýip, TFF-niň resmi saýty habar berýär.

Okuw-maslahatynyň ýapylyş dabarasynda FIFA-nyň eminlik ediş boýunça tehniki gözükdirijisi Walentin Iwanow (Russiýa Federasiýasy) we fitnes gözükdirijisi jenap Ganesan Maniam (Singapur Respublikasy) şunuň ýaly wajyp çäräni geçirmäge ýardam edendikleri üçin türkmen tarapyna minnetdarlyklaryny bildirdiler.

Ýapylyş dabarasyna gatnaşan Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň ýolbaşçylar topary öz gezeklerinde şunuň ýaly okuw-maslahatynyň geçirilmegine ýardam eden FIFA-nyň ýolbaşçylaryna sag bolsunlaryny aýdyp, geçirilen okuw-maslahatynyň türkmen eminleriniň ýokary derejelere ýetmeklerine uly ýardam etjekdigini aýratyn belläp geçdiler.

Ýapylyş dabarasynyň dowamynda FIFA-nyň wekillerine Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň taýýarlan ýörite sowagatlary gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň