Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda telematik ulgamly täze traktorlar synag edilýär

18:4414.07.2019
0
14636

Şu günler Ahal welaýatynyň bol hasyla beslenýän gowaça meýdanlarynda agrotehniki çärelere aýratyn ähmiýet berilýär. Kadaly gögeriş alnan meýdanlarda ekini azotly dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwlaryny tutmak bilen birlikde, hatarara bejergileri geçirmek işleri degişli talaplara laýyklykda alnyp barylýar.
    120 müň gektar gowaça meýdandan bol hasyl ýetişdirmegi maksat edinýän «ak altyn» ussatlary häzirki wagtda üçünji we dördünji hatarara bejergi işlerini öz wagtynda geçirmekde yhlasly zähmet çekýärler. Bu işde welaýat boýunça kultiwatorlaryň 1017-siniň hyzmatyndan ýerlikli peýdalanylýar. 
    Welaýatyň oba zähmetkeşlerini aýratyn buýsandyrýan zatlaryň biri-de, üstümizdäki ýylyň gowaça hasylyny ýetişdirmekde, şol sanda hatarara bejergileri geçirmekde mehanizmleşdirilen işleriň sanly ulgamyň konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň meýilnamasy esasynda alnyp barylmagydyr. Gökdepe etrabynyň «Gökdepe», Kaka etrabynyň «Parahat» daýhan birleşikleriniň, Ak bugdaý etrabynyň M.Sopyýew adyndaky Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň ekin meýdanlarynda «John Deere 6195M» kysymly sanly telematik ulgam ornaşdyrylan köpugurly häzirki zaman oba hojalyk tehnikalary synag edilýär. Şu günler ady agzalan hojalyklarda sekiz hatar köpugurly bejergi kultiwatorly tehnikalaryň hyzmatyndan netijeli peýdalanylýar. 
    Ýeri gelende, «John Deere 6195M» kysymly sanly telematik ulgam ornaşdyrylan köpugurly traktorlaryň topragy gowaça ekişine taýýarlamak, ekiş geçirmek işlerinde hem ulanylandygyny bellemek gerek. «John Deere International GmbH» kompaniýasynyň önümi bolan bu tehnikalar oba hojalyk pudagynda öňde goýlan wezipelere hötde gelmegiň ýolunda örän ähmiýetlidir. 
    Hünärmenler täze tehnologiýaly traktorlaryň bol hasyly ýetişdirmekde uly artykmaçlyga eýedigini aýratyn belleýärler. Olar bilen ekiş geçirilen meýdanlarda oňat gögeriş gazanyldy. Häzirki agrotehniki çäreler gowaçanyň bereketli hasyl toplamagyna mümkinçilik berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň