Soňky habarlar

Archive news

“Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň Mary welaýaty boýunça jemleýji tapgyry geçirildi

18:3814.07.2019
0
1154
  “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň Mary welaýaty boýunça jemleýji tapgyry geçirildi

Garaşsyzlygynyň şanly XXVIII ýyllygyna bagyşlanyp Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda geçirilýän “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň Mary welaýaty boýunça jemleýji tapgyry geçirildi.

Mary şäheriniň “Bagtyýarlyk” seýilgähinde geçirilen bu bäsleşigiň welaýat tapgyryna Mary welaýatynyň ähli etrap, şäher tapgyrlaryndan saýlanyp alnan zehinli ýaş estrada aýdymçylarynyň 10-sy gatnaşdylar. Telebäsleşigi Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet, komiteti, Mary welaýatynyň häkimligi bilelikde gurnadylar. Bäsleşige gatnaşyjylaryň hatarynda dürli döredijilik toparlarynyň aýdymçylary, ýaş harby gullukçylar, ýokary we ýörite orta okuw hünär mekdepleriniň talyplary bar. Bäsleşigiň şertlerine görä, ýokary hünär derejeli eminleriň garamagyna dürli aýdym-saz eserleri hödürlendi. Bäsleşige gatnaşyjylar nusgawy, halk we döredijileriň aýdymlaryny, öz düzen eserlerini ýerine ýetirmekde zehin başarnyklaryny görkezdiler. Emin agzalarynyň öňünde iň ökde zehinli ýerine ýetirijileri saýlamak ýaly aňsat bolmadyk wezipe durdy. Jemleýji tapgyra çykmaga dalaş eden aýdymçylaryň çykyşlaryna aýdym aýdyp biliş aýratynlyklary, ýerine ýetirijilik ussatlygy we sahnada özüni alyp barşy ýaly ugurlar boýunça baha berildi.

    Döredijilik bäsleşiginiň jeminiň jemlenilmegi hem-de ýeňijileriň yglan edilmegi juda tolgundyryjy boldy. Bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda ýeňijileriň ikisiniň atlary yglan edildi. Ýeňijiler “Ýaňlan, Diýarym-2019” telebäsleşiginiň döwlet derejesinde geçiriljek jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň