Soňky habarlar

Arhiw

Erzurum şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplary tanyşdyryldy

03:2714.07.2019
0
1649

Düýn, 13-nji iýulda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Medeniýet günleri Erzurum şäherinde dowam etdi. Günüň birinji ýarymynda Atatürk uniwersitetinde Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplary tanyşdyryldy. Bu dabara amaly-haşam sungatynyň, muzeý gymmatlyklarynyň, Türkmenistanda çap edilýän neşirleriň hem-de surat eserleriniň sergisi bilen utgaşdy.

Medeniýet günleriniň Erzurumdaky çäreleriniň özboluşly badalgasyna öwrülen bu dabara Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Erzurum welaýatynyň we şäheriniň häkimleriniň orunbasarlary hem-de Atatürk uniwersitetiniň rektory gatnaşdy.

Açylyş çykyşlaryndan soňra dabara gatnaşyjy myhmanlar Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplary bilen tanyşdylar hem-de köpugurly sergä tomaşa etdiler.

Günüň ikinji ýarymynda uniwersitetiň kiçi maslahat zalynda "At - myrat" atly türkmen filmi görkezildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň