5G ulgamyna geçen ilkinji ýurt

18:3213.07.2019
0
5411

Dünýäniň iň kiçi ýurtlarynyň biri bolan Monako aragatnaşygyň 5-nji nesline (5G) dolulygyna geçen ilkinji ýurt boldy. Hytaýyň “Huawei” kompaniýasy bilen “Monaco Telecom” aragatnaşyk kärhanasynyň arasynda gazanylan ylalaşygyň çäklerinde ýurt 5G infrastrukturasy bilen üpjün edildi. Watikandan soňra dünýäniň iň kiçi ýurdy bolan Monakonyň meýdany 202 gektar bolup, 39 müňe golaý ilaty bar.
Koreýa Respublikasynda hem aragatnaşygyň soňky nesliniň infrastrukturasynyň ähli ýerine ornaşdyrylandygy mälim edilipdi. Ýewropa ýurtlaryndan Şweýsariýa we Finlýandiýa ýaly ýurtlarda 5G infrastrukturasynyň ornaşdyrylmagy dowam edýär. Germaniýada, Ispaniýada we Angliýada käbir iri şäherlerde bu hyzmat ýola goýuldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň