Soňky habarlar

Arhiw

Futbol, Ýoldaşlyk duşuşygy: Türkmenistan (U-19) - "Konýaspor" (U-19) 2:1

00:3213.07.2019
0
7439

Türkiýäniň Ankara şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýän Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy (U19) “Konýaspor” toparynyň ýaşlar düzümi bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Hüjümde dürs oýnan ýygyndy toparymyz 2:1 hasabynda ýeňiş gazanmagy başardy. Ýygyndymyza ýeňiş getiren toplary Nury Rozyýew (7) bilen Şamämmet Hydyrow (53) öz atlaryna ýazdyrdylar.

Aziz Kambarowyň tälim berýän ýaşlar ýygyndymyz (U19) okuw-türgenleşigiň dowamynda ýene-de birnäçe ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer. Ýaşlar ýygyndymyzyň Ankara şäherindäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň 18-nji iýula çenli dowam edýändigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň