Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen hususyýetçileri banan hasylyny ýygnamaga taýýarlanýarlar

00:2513.07.2019
0
1497

“Ferhar” hojalyk jemgyýeti ýyladyşhanalarda bananlaryň hasylyny ýygnamak möwsümine taýýarlyk görýär. Geçen ýyl güllemegiň we miwe bermegiň ilkinji möwsüminde tonnalarça hasyl ýygnaldy. Bu ýyl bolsa, ýyladyşhananyň işgärleri bu ekzotiki miwäniň onlarça tonnasyny ýygnamagy meýilleşdirýärler diýip, "Biznes Türkmenistan" saýty habar berýär.

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda ýerleşýän “Ferhar” HJ kiçi hilli bananlary ösdürmek boýunça adaty bolmadyk tejribe geçirmegi dowam edýär. Bu bananlar Türkmenistanyň gurak klimatynda ösdürip ýetişdirmek üçin amatlydyr. Şu günler ýyladyşhanalarda ikinji hasylyň miweleriniň göwrümini artdyrmak boýunça işler alnyp barylýar, ägirt baldaklarda miweleriň sütüni birnäçe hatar bolup ösýärler.

Bu gojaman tropiki ösümlikler ýyladyşhananyň 9 metr beýiklikde bolmagyny kesgitledi. Ýygym möwsüminde her hepde bişen bananlaryň müň tonna golaý hasyly ýygnalýar. Bu ýyl hojalyk jemgyýeti ekzotik miweleriň onlarça tonna hasylyny almagy meýilleşdirýär.

Ilkibaşda iki müň nahal oturdylypdy, häzirki wagta olaryň 1800 sanysy uýgunlaşdy. Ýöne biziň toprak we howa şertlerimizde oturdylan ekinlere ýeten zeperiň ortaça 10 göterim bolmagyna garamazdan, bananlaryň gögerijiliginiň we hasyllygynyň artmagyna garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň