Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen ýeňil atletikaçylary Gyrgyz Respublikasynda geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşar

23:4512.07.2019
0
3761

13 - 14-nji iýul aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinde Olimpiýa çempiony Tatýana Kolpakowanyň hormatyna däne öwrülen 22-nji halkara ýeňil atletika ýaryşy geçiriler. Ýaryş Dolon Ömruzakow adyndaky sport toplumynda bolup geçer. Bu stadionyň ady türkmenistanly sport janköýerleri üçin tanyşdyr. Gyrgyz Respublikasynyň çempiony "Dordoýyň" öz öýündäki duşuşyklaryny geçirýän stadionynda "Altyn asyr", "Ahal", "Balkan" ýaly toparlarymyz duşuşyklary geçiripdiler. Bu gezek bolsa türkmenistanly ýeňil atletikaçylar bu ýerde geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşar.

"Sport.kg" saýtynyň Gyrgyz Respublikasynyň Ýeňil atletika federasiýasyna salgylanyp berýän habaryna görä, halkara ýaryşa türkmenistanly ýeňil atletikaçlardan başga-da, Koreýa Respublikasynyň, Filippinleriň, Malaýziýanyň, Mongoliýanyň, Türkiýäniň, Moldowanyň, Belarusyň, Hytaýyň, Býetnamyň, Tailandyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Hindistanyň, Şri-Lankanyň we Gyrgyz Respublikasynyň wekilleri gatnaşar.

Bu halkara ýaryşyň iň jogapkärli aýratynlyklarynyň biri ýeňijileriň Olimpiýa oýunlary - 2020-ä gatnaşmaga hukuk gazanjakdygydyr.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň