Soňky habarlar

Arhiw

Birinji Hazar ykdysady forumynyň ähmiýeti bellenilýär

23:3112.07.2019
0
371
Birinji Hazar ykdysady forumynyň ähmiýeti bellenilýär

Ýurdumuzyň we daşary döwletleriň esasy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň şu günler ýaýlyma berýän köp sanly habarlarynda Türkmenistanda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumynyň ähmiýeti bellenilýär. 29-njy iýunda birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan media forum geçirildi. Oňa iri sebitara we halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, habarlar agentlikleriniň, teleýaýlymlaryň, gazet-žurnallaryň wekilleri gatnaşdylar. Şu günler dünýäniň 20-den gowrak döwletleriniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Birinji Hazar ykdysady forumy barada maglumatlar, makalalar, wideoşekiller yzygiderli berlip jemgyýetçilige ýetirildi. Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumynyň diňe bir Hazar sebiti üçin däl, tutuş dünýä döwletleri üçin gatnaşyklaryň işjeňleşmegine getirjek peýdasy hakynda maglumatlar berildi. Bu barada daşary döwletleriň ençemesiniň metbugat hem elektron neşirleri çap edildi. Bu forumyň çäklerinde hazarýaka döwletleriniň hökümet agzalarynyň, bilermenleriň, işewür toparlaryň, ylmy işgärleriň, halkara maliýe guramalarynyň wekilleriniň köpsanlysyny çekmek meýilleşdirilýär. Birinji Hazar ykdysady forumy şu ýylyň awgust aýynyň 12-ne “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň