Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň medeniýet wekilleri Türkiýäniň Erzurum şäherine geldiler

23:0712.07.2019
0
911

Şu gün Türkiýedäki Medeniýet günlerine gatnaşýan Türkkmenistanyň wekiliýeti ýurduň iň uly şäherleriniň biri bolan Erzurum şäherine geldiler. Topara berkidilen ulaglar 450 kilometre ýakyn aralygy 6 sagat çemesi wagtda geçip, Erzurum şäherine geldi. Topar şäherdäki "Palan" myhmanhanasynda ýerleşdi.

Türkmensitanyň Türkiýe Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň Erzurum şäherindäki bölegine ertir badalga berler. Günüň birinji ýarymynda şäherde ýerleşýän Atatürk uniwersitetinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabarasy hem-de ýurdumyzyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň, fotosuratlaryň sergisi geçiriler. Günüň ikinji ýarymynda bolsa bu uniwersitetde "Seýis" atly türkmen çeper filmi görkeziler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň