Soňky habarlar

Arhiw

Grizmann “Barselonada”

20:1512.07.2019
0
4292

“Atletiko Madridiň” fransiýaly ýyldyzy Antuan Grizmann ahyry “Barselona” toparynyň oýunçysy boldy. Bu barada katalonlar resmi ýagdaýda habar berdi. “Barselona” 28 ýaşly oýunçynyň şertnamasynda belleniliş ýaly 120 million ýewrony töläp aldy. Katalonlar bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşan Antuan Grizmanny mundan soň, başga klub transfer etmek islese 800 million ýewro tölemeli bolar. Şertnamanyň beýleki aýratynlyklary häzirlikçe habar berilmedi. 2014-nji ýylda “Real Sosiedaddan” 30 million ýewro “Barselona” transfer bolan Grizmann 257 oýunda 133 gol geçirdi. 2018-nji ýylda Fransiýa bilen Dünýä Kubogyny gazanan Grizmann futbol taryhynyň iň gymmat transferleriniň hataryna adyny ýazdyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň