Arhiw

Türkiýede Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplarynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi

03:0012.07.2019
0
1361

Türkmenistanyň Türkiýedäki Medeniýet günleriniň ikinji gününde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynyň tanyşdyryş dabarasy we kitap sergisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary, Türkmenistanyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Siwas welaýatynyň hem-de şäheriniň häkimleriniň orunbasarlary, şeýle-de köp sanly kitapsöýüjiler gatnaşdylar.

Dabarada hem aýdylyşy ýaly, ýakynda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasy hem TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň "Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" atly kitaby türk dilinde neşir edildi. Türkmen Lideriniň kitaplarynyň başga-da birnäçesi dürli ýyllarda türkiýeli okyjylara ýetirilipdir.

Tanyşdyryş dabarasyna gatnaşyjylar bu işi mundan beýläk hem dowam etdirmegiň tarapdary boldular. Olaryň aýtmagyna görä, türkmen Lideriniň galamyndan çykan "Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri" atly köpjiltlik kitap dünýä lukmançylygy üçin hem gymmatly gollanma öwrüler.

Kitap sergisinde Aşgabat şäherindäki kitap dükanlarynyň ikisiniň wekilleri dürli neşirleriň 160-dan gowragy bilen tanyşdyrdylar. Olaryň ählisi Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan soňky ýyllarda çap edilen eserler we beýleki neşir önümleridir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň