Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly şahyr täze kitabyny Siwasyň welaýat halk kitaphanasyna sowgat etdi

02:4912.07.2019
0
1268

Türkmenistanyň Türkiýedäki Medeniýet günleriniň ikinji gününde şahyr, Türkmenistanyň Prezidentiniň "Türkmeniň Altyn asyry" bäsleşiginiň birnäçe gezek ýeňijisi Akmyrat Hojanyýazow ýakynda çap edilen "Watan hakda aýdym" atly täze kitabyny Siwas şäherindäki Şemsi-Siwasy welaýat halk kitaphanasyna sowgat etdi. Ol ýadygärlik ýazgy ýazylan we gol çekilen kitaby kitaphananyň ýolbaşçysy Serkan Kaburjukla gowşurdy.

Bu kitaphanada häzir 100 müň çemesi kitap bar. Olaryň hatarynda türkmen edebiýatyndan hem käbir çeşmeleriň, hususanda, Magtymguly Pyragynyň şygyrlar diwanynyň bardygyny kitaphananyň ýolbaşçysy gürrüň berdi. Şahyr Akmyrat Hojanyýazowyň täze kitaby hem kitaphananyň baý kitap goruna türkmen edebiýatyndan täze bir goşant bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň