Önümçiligi duruzyldy

18:1611.07.2019
0
1329

Dünýäniň iň köp wagtlap öndürilen awtoulag modelleriniň biri bolan “Volkswagen Beetle”-iň önümçiligi ýatyryldy. Nemes awtoulag öndürijisiniň meşhur modeliniň önümçiligi 80 ýyldan gowrak dowam etdi. Kompaniýa 1996-njy ýyldan bäri bu ulagy diňe Meksikadaky zawodyndan öndürýärdi. Ulagyň dürli görnüşlerinden häzire çenli 21,5 milliony öndürildi. Ilkinji nusgasy 1938-nji ýylda müşderilere ýetirilen ulagyň ikinji nesli 1998-nji ýylda öndürilip başlandy. 2012-nji ýylda modeliň soňky nesli taýýar boldy. Meksikanyň Puebla şäherindäki zawod Latyn Amerika bazarynyň iň esasy awtoulag önümçilik merkezleriniň biri hasaplanýar. Indi bu zawodda SUV modelleri öndüriler. Modeliň önümçiliginiň ýatyrylmagy bilen bagly zawodda dabara geçirildi. 
Ilkinji “Beetle” Ferdinand Porşe hem-de Erwin Komenda tarapyndan hemmeler üçin elýeterli ulag öndürmek maksady bilen işlenip düzlüpdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň