Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ynsan hukuklary boýunça pudagara toparyň mejlisi geçirildi

23:5310.07.2019
0
4883

Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi diýip, TDH habar berýär.

Gün tertibine şu ýylyň birinji ýarymynda bu düzümiň alyp baran işleriniň netijeleri, «Adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça 2019 — 2021-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň hereketleriniň milli meýilnamasynyň hem-de Çaganyň irki ösüşi boýunça 2019 — 2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň milli strategiýasynyň» taslamalary, ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň Ženewada (Şweýsariýa Konfederasiýasy) guralan Halkara zähmet guramasynyň 108-nji mejlisine hem-de HZG-niň 100 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşmagy, şeýle hem beýleki birnäçe meseleler girizildi.

Jemleýji hasabatda bellenilişi ýaly, ykdysadyýetiň sazlaşykly ösdürilmegi, ähli derejelerde ýokary durmuş ölçegleriniň üpjün edilmegi «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasy şygarda takyk kesgitlenen, üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistany ösdürmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işläp taýýarlan strategiýasynda öz ornuny tapýar. Bu ugurdaky üstünlikler ýurdumyzyň hakyky demokratik jemgyýete we hukuk döwletine tarap ilerlemeginde, raýatlaryň konstitusion hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmeginde aýdyň beýanyny tapdy.

Şunuň bilen baglylykda, ýygnananlar döwlet Baştutanymyzyň Kararlary bilen tassyklanan «Türkmenistanda adam hukuklary babatda 2016 — 2020-nji ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasy», «Türkmenistanda gender deňligini üpjün etmek boýunça 2015 — 2020-nji ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasyny», şeýle hem «Çaganyň hukuklaryny amala aşyrmak boýunça 2019 — 2022-nji ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasyny» amala aşyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Pikir alyşmalaryň çäklerinde bellenilişi ýaly, ady agzalan resminamalaryň esasy ugurlaryna laýyklykda, pudagara topar ilatyň hukuk bilimleriniň derejesini artdyrmak, degişli maglumatlara elýeterliligi giňeltmek meselelerine üns berdi.

Öňde habar berlişi ýaly, gün tertibine Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ženewada (Şweýsariýa Konfederasiýasy) geçirilen Halkara zähmet guramasynyň 108-nji mejlisine hem-de HZG-niň 100 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşmagynyň netijeleri girizildi.

Wekilçilikli forumda edilen çykyşda zähmet gatnaşyklary babatda ýurdumyzyň gazananlary bellenildi. Hususan-da, Halkara zähmet guramasynyň nobatdaky maslahatyna gatnaşyjylara soňky ýyllarda bu ugurda Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilýän işler barada habar berildi.

Mejlisiň dowamynda häzirki wagtda amala aşyrylýan «Türkmenistanda iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmegiň hem-de täze iş orunlaryny döretmegiň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» ähmiýeti bellenildi. Şunuň bilen birlikde, şu ýylyň 14-nji iýunynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda ýaşlary zähmet bazaryna uýgunlaşdyrmagyň we olaryň iş bilen üpjünçiligini kämilleşdirmegiň maksatnamasynyň» möhümdigi bellenildi.

Şeýle hem maslahata gatnaşyjylar Mejlis tarapyndan «Durmuş-zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek boýunça üçtaraplaýyn topar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň hem-de «Halkara zähmet guramasynyň «Halkara zähmet kadalarynyň ulanylmagyna ýardam etmek üçin üçtaraplaýyn geňeşmeler hakynda» 1976-njy ýyldaky 144-nji konwensiýasyna goşulmak hakynda» Kararyň kabul edilmegi ýurdumyzyň BMG-niň esasy düzümleriniň biri bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge ygrarlydygynyň subutnamasy bolandygyny bellediler.

Pudagara toparyň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere seredildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň