Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Türkiýedäki Medeniýet günlerine gatnaşyjylar Siwas şäherine geldi

03:3110.07.2019
0
813

10 ― 15-nji iýul aralygynda Türkiýe Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler. Düýn, 9-njy iýulda medeniýet we sungat işgärlerinden ybarat topar bu çärä gatnaşmak üçin Aşgabat ― Ankara howa gatnawy bilen Türkiýe Respublikasyna ugrady. 3 sagat gowrak uçuşdan soňra Ankaranyň Esenboga halkara howa menziline gelen türkmenistanly medeniýet we sungat işgärleri Siwas şäherine tarap ýola düşdüler.

Medeniýet günlerine gatnaşyjylaryň hatarynda Annaguly Myratdurdyýew, Hajy Ýazmämmedow, Parahat Şyhymow, Gözel Öwezowa ýaly bagşydyr aýdymçylar, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň “MIras” folklor toparynyň wekilleri, muzeý, neşirýat, çeperçilik işgärleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.

Wekiliýet şu gün ýarygije Siwas şäherindäki «Büýük» myhmanhanasynda ýerleşdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň