Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen ýeňil atletikaçysy Gazagystanda geçirilen halkara ýaryşda kümüş medal gazandy

23:5109.07.2019
0
4949

Almaty şäherinde geçirilen "Gusman Kosanowyň memorialy" atly XXIX halkara ýeňil atletika ýaryşy tamamlandy diýip, gazak metbugaty habar berýär.

Beýikligine bökmek boýunça ýaryşda biziň ildeşimiz Şirgeldi Utamyşow 2,08 metrlik netije bilen ikinji orny eýeledi. Ýaryşda birinji we üçünji orunlary bolsa gazak türgenleri paýlaşdylar.

Ozal hem habar berlişi ýaly, halkara ýaryşa Türkmenistandan, Gazagystandan, Azerbaýjandan, Gruziýadan, Eýrandan, Hindistandan, Kuweýtden, Gyrgyzystandan, Täjigistandan we Özbegistandan 250-den gowrak türgen gatnaşdy.Şeýle hem russiýaly Darýa Klişina bitarap türgen hökmünde ýaryşdy.

Bu ýaryşda gazanylan ýeňiş şu ýylyň sentýabr aýynda Dohada geçiriljek dünýä çempionatyna we nobatdaky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşamaga mümkinçiligi artdyrýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň