Soňky habarlar

Arhiw

Ilkinji awtoulagyny öndürer

19:2309.07.2019
0
2972

Gruziýanyň Kutaisi şäherinde awtoulag zawodynyň gurluşygyna başlandy. Indiki ýyldan başlap bu ýerde ýylda 40 müň awtoulag öndüriler. Öndüriljek ulaglaryň ýarysy Ýewropa bazaryna iberiler. Ilkinji nobatda, dört görnüşli elektrokar öndüriler. Taslamany durmuşa geçirýän “AiGroup” şereketiniň ýolbaşçysy Kakha Guledani zawodyň gurluşygynda 300, soňlugy bilen has köp iş ornunyň dörediljekdigini mälim etdi. Bu taslama ýurtda “ýaşyl” ykdysadyýete geçiş maksatnamasynyň çäklerinde gurlup, eksporty artdyrmaga goşant goşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň