Türkmenistanyň Prezidenti Egil Lewitse Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli Gutlag iberdi

23:4808.07.2019
0
5814

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Egil Lewitse Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlagyny ýollady.

Türkmenistanyň Prezidenti şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Latwiýa Respublikasynyň Prezidentine berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Latwiýanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylygy, mundan beýläk-de öňe gitmegi we gülläp ösmegi arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň