Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futzal ýygyndysy Bolgariýadaky üçünji ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi

23:2508.07.2019
0
5256

Bolgariýanyň Gabrowo şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýän futzal boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy üçünji ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Ýygyndy toparymyzyň garşydaşy Bolgariýanyň çempiony “Warna Siti” topary boldy. Ikitaraplaýyn hüjümlerde geçen duşuşyk 3:3 hasabynda tamamlandy. Ýygyndymyzyň düzüminde Öwezbaý Muhammetmyradow (2) bilen Maksat Myradow tapawutlanmagy başardylar diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Ýeri gelende bellesek, ýygyndy toparymyz Bolgariýadaky ilkinji ýoldaşlyk duşuşygyny hem “Warna Siti” toparynyň garşysyna geçiripdi. Şonda ýeňiş ýygyndymyzyň (4:1) tarapynda bolupdy. Ikinji ýoldaşlyk duşuşygynda “Ruse” toparnyny 15:2 hasabynda ýeňlişe sezewar eden ýygyndy toparymyzyň Bolgariýadaky okuw-türgenleşik ýygnanyşygy 10-njy iýulda tamamlanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň