Türkmenistanda ýokary okuw mekdeplerine dalaşgärleriň resminamalaryny kabul edip başlady

22:1108.07.2019
0
17519

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri, orta okuw mekdepleri 5-nji iýulda milletiň Lideriniň Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky gol çeken buýruguna laýyklykda 2019-2020-nji okuw ýylyna ýokary okuw mekdebine kabul ediljek dalaşgärleriň resminamalaryny kabul edip başlady.

Dalaşgärleriň resminamalarynyň kabul edilýän ýerlerinde geljegini degişli hünärlere baglan dalaşgärleriň resminamalaryny kabul etmeklik işi talabalaýyk ýola goýuldy. Milli Liderimiz ministrler kabinetiniň 5-nji iýulda bolan giňişleýin mejlisinde buýruga gol çekip 2019-njy ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny, 2019-njy ýylda orta hünär okuw mekdeplerinde okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklady.

Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okuwa kabul etmegi 2019-njy ýylyň 8-nji iýuly 17-nji awgusty aralygynda guramak hem-de giriş synaglaryny onuň ýerleşýän ýerinde geçirmek bellenildi.

Resminalaryň kabul edilip başlanan ilkinji gününde saglyk merkezleri we bilim ojaklarynyň iş toparynyň işleýän ýerleri köp adamly boldy. Eýýäm ilkinji günde dalaşgärleriň ýüzlerçesi okuwa girmek üçin ýüz tutdular. Täze okuw ýylynda ýurdumuzyň ýokary okuw mekdeplerine 12 müňden gowrak talyby kabul etmek meýilleşdirilýär. Bu bolsa geçen ýyldakydan 3,5 müňe golaýy köpdür.      

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň