Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysy Türkiýäniň Superliganyň wekilleriniň ýaşlary bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirer

15:2208.07.2019
0
4741

6-18-nji iýul aralygynda Türkiýäniň Ankara şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýän ýaşlar ýygyndymyz ýoldaşlyk duşuşyklarynyň birnäçesini geçirer. Aziz Kambarowyň tälim berýän ýaşlar ýygyndymyz (U19) 12-nji iýulda “Konýaspor”, 16-njy iýulda “Ankaragüýji” toparlarynyň ýaşlar düzümleri bilen ýoldaşlyk duşuşyklary geçirerler. Mundan başga-da, ýoldaşlyk duşuşyklarynyň ikisini geçirmeklik göz öňünde tutulýar diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty ýazýar.

Ýeri gelende bellesek, 2020-nji ýylda geçiriljek Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyryna taýýarlyk görýän ýaşlar ýygyndymyz şu ýylyň 20-30-njy mart aralygynda Türkiýäniň Antalýa şäherinde okuw-türgenleşigi geçipdi.

2020-nji ýylda geçiriljek Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyrynyň “B” toparçasynda çykyş edýän ýaşlar ýygyndymyzyň garşydaşlary Kataryň, Ýemeniň hem-de Şri-Lankanyň ýygyndylary bolarlar. Saýlama tapgyry şu ýylyň 4-10-njy noýabry aralygynda Kataryň paýtagty Doha şäherinde geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň