Kubok Braziliýada galdy

10:3008.07.2019
0
4185

46-njy gezek geçirilen Kopa Amerika futbol bäsleşigi ýer eýeleri Braziliýanyň çempionlygy bilen tamamlandy. Marakanada oýnalan final oýnunda Braziliýa 44 ýyldan soň, finala çykan Perunyň ýygyndysyny 3-1 hasabynda ýeňip, taryhyndaky 9-njy Kopa Amerika kubogyny ýokary göterdi. Çekeleşikli geçen oýunda sambaçylaryň gollaryny 15-nji minutda Ewerton, 45+3-nji minutda Gabriel Žesus, 90-njy minutda-da penaltiden Riçarlison derwezä girizdi. Perunyň ýeke-täk goluny, 44-nji minutda Paolo Guerrero penaltiden geçirip, hasaby deňläpdi. Oýnuň 70-nji minutynda 2-nji sary kartyny alan Gabriel Žesus meýdançadan çykaryldy. Braziliýanyň ýygyndysy özlerinde geçirilen 5-nji Kopa Amerika ýaryşynda çempion bolmagy başardy.
Çempionatyň iň ökde oýunçysy diýlip, braziliýaly weteran futbolçy Dani Alwes saýlandy. Allison Beker iň ökde derwezeçi baýragyna – Altyn ellik baýragyna laýyk görüldi. 3 gol geçirip, 1 goluň pasyny beren braziliýaly Ewerton çempionatyň iň netijeli hüjümçisi boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň