Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futzal ýygyndysy Bolgariýadaky ikinji ýoldaşlyk duşuşygynda-da uly hasap bilen ýeňiş gazandy

01:1108.07.2019
0
3508

Bolgariýanyň Gabrowo şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýän futzal boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy ýerli “Ruse” topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Türkmen futzalçylarynyň hüjümlerinde geçen duşuşyk ýygyndy toparymyzyň 15:2 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.

Ýeri gelende bellesek, ýygyndy toparymyz okuw türgenleşigindäki birinji duşuşygynda Bolgariýanyň çempiony “Warna Siti” toparyny 4:1 hasabynda ýeňlişe sezewar edipdi.

Türkmenistanyň futzal ýygyndysy horwatiýaly tälimçi Robert Grdowiçiň tälimçiliginde Bolgariýanyň Gabrowo şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýändigini ýatladýarys. Onuň dowamynda ýygyndy toparymyz “Warna Siti” toparynyň garşysyna ýene-de bir ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň