Soňky habarlar

Arhiw

Ýewropanyň iň beýik binasy

19:3207.07.2019
0
6179

Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwada Ýewropanyň iň beýik binasynyň guruljakdygy habar berildi. “One Tower” atly gökdirän häzirki wagtda şäheriň iň beýik binasy bolan “Federation Tower”-dan 60 metr çemesi beýik bolar. Moskwanyň ýerli häkimiýetiniň başlygynyň orunbasary Marat Husnullin iň beýik ýaşaýyş jaý taslamasynyň örän çylşyrymlydygyny aýdyp, onuň öz wagtynda tamamlanjakdygyny belledi. Ýerasty awtoulag duralgasy bolan köp maksatly binanyň 104 gatly, jemi meýdanynyň 280 müň inedördül boljakdygy mälim edildi. Binada 1500 töweregi öý bolar. Gurluşygyň 5 ýylda tamamlanjakdygy habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň