Professional tälimçileri we türgenleri taýýarlamak üçin ýöriteleşdirilen akademiýalar dörediler

17:3307.07.2019
0
3768

5-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde milli Liderimiz Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektory A. Saparowa sportuň dürli görnüşleri boýunça tälimçileri we türgenleri taýýarlamak meselelerine ylmy esasda çemeleşmegiň zerurdygy babatda anyk görkezmeleri berdi.

Ýurdumyzda pugta maddy-enjamlaýyn binýat döredildi. Indi onuň ähli mümkinçiliklerini doly herekete girizmek bu ulgamda häzirki zaman dünýä tejribesini özünde jemleýän okatmagyň kämil usullaryny ornaşdyrmak zerur bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Geljekde bolsa ýokary hünärli professional tälimçileri we türgenleri taýýarlamak üçin ýöriteleşdirilen akademiýalaryň döredilmegi barada hem oýlanmak gerek diýip, milli Liderimiz belledi.

Çeşme: Milli Goşun

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň