Türkmen ýeňil atletikaçylary Gazagystanda geçirilen halkara ýaryşda goşa medal eýelediler

14:4607.07.2019
0
7721

Ýeňil atletika boýunça Gazagystanda tamamlanan halkara ýaryşynda Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby Alyşir Seýdullaýew 200 metr aralygy 21,77 sekuntda ylgap, 1-nji orna we altyn medala mynasyp boldy. Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Gurluşyk we binagärlik sport kluby hojalyk müdürliginiň türgeni Walentina Meredowa 200 metr aralygy 24,83 sekuntda ylgap 3-nji orna we bürünç medala mynasyp boldy. Türgenimiz Mergen Mämmedow ýekedabany 66,54 metr aralyga zyňyp 2-nji orny we kümüş medaly eýeledi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň