Soňky habarlar

Arhiw

Dünýä sporty: Serdar Azmunyň dubly "Zenitiň" Russiýanyň Naýbaşy kubogyny gazanmagy üçin ýeterlik bolmady

00:5307.07.2019
0
5101

Şu gün Russiýanyň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşykda geçen möwsümiň çempiony "Zenit" bilen ýurduň kubogynyň eýesi "Lokomotiw" duşuşdy. Duşuşykda eýranly türkmen Serdar Azmunyň iki gezek tapawutlanmagy "Zenidiň" ýeňiş gazanmagy üçin ýeterlik bolmady.

Duşuşygyň ilkinji minutlarynda Fýodor Smolow "demirýolçylary" öňe saýlady. Ondan soňra eýranly türkmen sahna çykyp, 45-nji we 52-nji minutlarda geçiren gollary bilen ýurduň çempionyny öňe-de çykardy. Ýöne duşuşygyň başga bir dublçysy - Alekseý Mirançuk "Zenidiň" Naýbaşy kubogy eýelemegine ýol bermedi.

Zenit - Lokomotiw 2:3 (1:1, 1:2)

Gollar: 0:1, 6 Smolow, 1:1 - 45 Azmun, 2:1 - 52 Azmun, 2:2 - 78 Mirançuk, 2:3 - 81 Mirançuk

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň