Soňky habarlar

Arhiw

Futbol: Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň bijeleri çekildi

18:1306.07.2019
0
3987

Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň “Sport” myhmanhanasynda futbol boýunça Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň nobatdakysynyň bijeleri çekildi. Bu gezekki bäsleşige Ýokary liganyň 8 topary (“Altyn Asyr”, “Ahal”, “Aşgabat”, “Şagadam”, “Nebitçi”, “Merw”, “Energetik”, “Köpetdag”) bilen birlikde birinji liganyň wekili Balkan welaýatynyň “Türkmennebit” topary gatnaşar diýip, TFF-niň resmi saýty habar berýär.

Kubok bäsleşiginde ilki “Türkmennebit” bilen “Merw” toparlary duşuşarlar. Olaryň arasyndaky birinji duşuşyk 27-nji iýulda Maryda, jogap oýny bolsa 31-nji iýulda Balkanabatda geçiriler. Bu toparlaryň arasyndaky ýeňiji kubok bäsleşiginiň çärýekfinalynda ýurdumyzyň wise-çempiony “Ahal” bilen duşuşar.

Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň çärýekfinalynyň birinji duşuşyklary 14-15-nji, jogap oýunlary bolsa 18-nji awgustda geçiriler. Tertipde birinji görkezilen toparlar ilkinji duşuşyklary öz meýdançalarynda geçirerler.

Çärýekfinalyň tertibi:

“Altyn Asyr” – “Nebitçi”/“Energetik” – “Aşgabat”

“Şagadam” – “Köpetdag”/“Ahal” – “Merw”/“Türkmennebit”

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň