Soňky habarlar

Arhiw

Iki şäherde 5G ýola goýuldy

11:2706.07.2019
0
1456

Germaniýanyň telekommunikasiýa kompaniýasy “Deutsche” aragatnaşygyň 5-nji nesliniň Berlin we Bonn şäherlerinde ýola goýlandygyny mälim etdi. Ýakynda bu tehnologiýanyň Darmştadt, Gamburg, Leýpzig we Mýunih şäherlerinde hem ornaşdyryljakdygy mälim edildi. Öňümizdäki 18 aýda Germaniýanyň 20 şäheri 5G tehnologiýasyna eýe bolar. şeýle hem kompaniýa 5G bilen sazlaşykly işleýän “Samsung Galaxy S10” telefonlaryny 899 ýewrodan satuwa çykardy. Ýewropany iň gurply ýurdy bolan Germaniýada maglumat geçiriş tizligini artdyrmak, elýeterli bahaly aragatnaşyk infrastrukturasyny gurmak esasy ileri tutulýan ugurlaryň biridir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň