Türkmenistanyň Prezidenti galla borçnamasynyň amal edilmegi mynasybetli gutlaglary kabul etdi

09:4606.07.2019
0
4877

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 5-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisi tamamlanandan soň, zala çagalar geldiler. Welaýatlaryň her birine wekilçilik edýän körpeler altyn öwşün atýan sümmülleri hem-de ak bugdaýdan doldurylan horjunlary getirdiler. Çagalar ýygnananlaryň ählisini sahawatly türkmen topragy hem-de zähmetsöýer ekerançylary wasp edýän goşgy setirleri bilen mübäreklediler. Eziz Watanymyz, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri, eziz Arkadagymyz baradaky goşgular belentden ýaňlandy.

Oglanjyklar we gyzjagazlar welaýatlaryň zähmetkeşleriniň adyndan adamlar hakynda bimöçber alada edýändigi, ýokary hasyl almak hem-de oba zähmetkeşleriniň abadançylygyny has-da artdyrmak, ekerançylyk hünäriniň abraýyny belende galdyrmak üçin ähli şertleri döredýändigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Çagalar milli liderimizi ajaýyp waka — orak möwsüminiň üstünlikli tamamlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa özboluşly sowgatlary — ak bugdaýyň sümmüllerinden boglan desseleri gowşurdylar.

Çagalaryň haýyşy boýunça milli Liderimiz olar bilen ýadygärlik surata düşdi.

Ata-babalarymyzyň ruhy mirasyny, mähriban halkymyzyň parasatly däplerini dowam etdirijileriniň joşgunly çykyşy, çagalaryň şadyýanlygy mejlise özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň