Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti ýokary okuw mekdepleriniň täze bellenen rektorlaryna tabşyryklary berdi

09:4106.07.2019
0
10773

5-nji iýulda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň täze bellenen rektorlarynyň her biriniň öňünde ýokary okuw mekdepleriniň ugruna laýyklykda anyk wezipeleri goýdy diýip, TDH habar berýär.

Milli Liderimiz Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň täze ýolbaşçysy N. Myratnazarowa ýüzlenip, «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň netijeli amala aşyrylmagynyň Türkmenistanda ýokanç kesellere garşy göreşmekde ägirt uly üstünlikleri gazanmaga mümkinçilik berendigini belledi. Häzirki döwürde welaýatlarda merkezleşdirilen hassahanalar gurulýar. Olar üçin bolsa ýokary hünärli işgärler gerek bolar. Bu lukmançylyk merkezleriniň geljekki lukmanlar bolan talyplaryň önümçilik tejribesini geçýän ýeriniň sanawyna goşulmagy, şolarda sapaklaryň okuw usulyýet ugurlary bilen utgaşdyrylmagy zerur bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen döwlet medeniýet institutynyň rektory A. Aýdogdyýewe pederlerimizden gelip ýeten baý taryhy-medeni mirasy saklamak we wagyz etmek hem-de medeniýet işgärleriniň täze nesillerine ýetirmek meselelerine ünsi güýçlendirmegi tabşyrdy.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektory A. Saparowa sportuň dürli görnüşleri boýunça tälimçileri we türgenleri taýýarlamak meselelerine ylmy esasda çemeleşmegiň zerurdygy babatda anyk görkezmeler berildi. Ýurdumyzda pugta maddy-enjamlaýyn binýat döredildi. Indi onuň ähli mümkinçiliklerini doly herekete girizmek bu ulgamda häzirki zaman dünýä tejribesini özünde jemleýän okatmagyň kämil usullaryny ornaşdyrmak zerur bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Geljekde bolsa ýokary hünärli professional tälimçileri we türgenleri taýýarlamak üçin ýöriteleşdirilen akademiýalaryň döredilmegi barada hem oýlanmak gerek diýip, milli Liderimiz belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory M. Kulyýewanyň ünsüni ýurdumyzyň netijeli ykdysady gatnaşyklaryny alyp barýan döwletleriniň, şol sanda Ýaponiýanyň, Hytaýyň, Koreýa Respublikasynyň we beýlekileriň dillerini öwrenmegiň wajypdygyna çekdi.

Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektory B. Taňryberdiýewe milli ykdysadyýetimizi sanlaşdyrmagyň, bank işinde öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny giňden ulanmagyň çäklerinde hünärmenleriň ylmy esasda taýýarlygyny ýokarlandyrmak tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň rektory S. Nazarowa ýüzlenip, okuw-usulyýet ugurlarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, şol sanda häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen Marynyň garyşyk dolanyşykda işleýän gazturbina döwlet elektrik bekediniň işgärleriniň üpjünçiligi bilen baglanyşykly ugurlara möhüm üns bermegi tabşyrdy. Biz mundan beýläk-de ýurdumyzyň energetika ulgamyny ösdüreris, pudagyň kuwwatyny artdyrarys. Şunlukda, bu ugra ýokary hünärli işgärler zerur bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň rektory R.Amangeldiýewe ady rowaýata öwrülen we türkmen saz sungatynyň sütüni hasaplanylýan Maýa Kulyýewanyň muzeýini döretmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem milli Liderimiz türkmen ilinde 72 görnüşli milli saz guralynyň bardygyny belledi. Bu taryhy gatnaşyklar ýitirilmän, eýsem, bu saz gurallaryny täze görnüşde kämilleşdirmek arkaly ýaş sazandalaryň tejribeli halypalarynyň kömegi bilen bu saz gurallaryna ussatlyk bilen erk etmegi ugrunda zerur tagallalar edilmelidir.

Milli Liderimiz ýokary okuw mekdepleriniň täze bellenen ýolbaşçylaryna işlerinde üstünlik arzuw edip, olaryň bildirilen belent ynamy ödäp, ýokary hünärli döwrebap işgärleri taýýarlamak ýaly möhüm wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynam bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň