Türkmenistanda oba ýerlerinde işleýän mugallymlaryň zähmet hakyna goşmaça töleg goşular

09:3806.07.2019
0
4351

"Biz bilim özgertmelerini geçirmegiň depginini çaltlandyrmalydyrys" diýip, Türkmenistanyň Prezidenti 5-nji iýulda geçiren Hökümet mejlisinde belledi. Mekdebi gutaran ýaşlar, gaýtadan okamazdan, telekeçilik düzümlerinde kynçylyksyz işlemelidir. Munuň üçin bolsa, mekdep maksatnamalary boýunça telekeçilik işiniň ýönekeý düzgünleri, iň bolmanda bu ugurdaky kanunlar köpräk öwredilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz bu talabyň ýokary okuw mekdeplerine hem degişlidigini aýtdy. 

Ähli ugurdaş institutlar, aýratyn-da, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda ýokary derejeli dolandyryş işgärleri taýýarlanylmalydyr, bu ugurda dünýä belli beýleki ugurdaş institutlar bilen hyzmatdaşlyk edip, daşary ýurtly hünärmenler işe çekilmelidir. Şeýle hem talyplary tölegli esasda okatmak usulyna geçilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi. 

Eger-de döwletimizde sowatly ýaşlar, anyk ýokary derejeli hünärmenler bolmasa, şol döwletiň hiç bir geljeginiň ýokdugyna anyk düşünmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bilim ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G. Myradow bilen bilelikde, oba ýerlerinde mugallymlaryň iş meselesini öwrenmegi tabşyrdy. Obada işleýän mugallymlaryň zähmet hakyna ep-esli möçberde goşmaça töleg goşmaly, şeýle hem olar ýeňillikli şertlerde ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilmelidir. Milli Liderimiz bu babatda teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz IT — merkezi üçin binalar toplumynyň taslamasyny düzmegi, onuň ýerleşdiriljek ýerini saýlamagy tabşyrdy. Ilkinji nobatda, maglumat tehnologiýalary merkezi üçin zerur bolan işgärler taýýarlanmalydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň