Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen türgenleri ýylyň 6 aýynda halkara ýaryşlarda 166 medal gazandylar

09:2606.07.2019
0
5499

Türkmenistanda bedenterbiýe we sport, olimpiýa hereketini ösdürmek, bu ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça uly işler geçirilýär. Türkmenistan sambo boýunça 2020-nji ýylda dünýä çempionatyny we 2021-nji ýylda welosiped sportunyň trek görnüşi boýunça dünýä çempionatyny geçirmek hukugyna eýe boldy.

Ýurdumyzyň ýygyndy toparlary 2020-nji ýylda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçiriljek ХХХII tomusky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde okuw türgenleşiklerini geçirýärler.

Hasabat döwründe ýurdumyzda içerki ýaryşlaryň jemi 95-si we köpçülikleýin sport çäreleriniň 40-sy guraldy. Türgenlerimiz halkara sport ýaryşlarynyň 82-sine, şol sanda dünýä çempionatlarynyň 8-sine, Aziýa çempionatlarynyň 17-sine, halkara ýaryşlarynyň 57-sine gatnaşyp, jemi 166 medala (63 altyn, 52 kümüş we 51 bürünç) mynasyp boldular.

Bu barada TDH wise-premýer P.Agamyradowyň 5-nji iýulda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentine beren hasabatyna salgylanyp habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň