Soňky habarlar

Arhiw

Ýylyň 6 aýynda halkara bäsleşiklerde türkmenistanly mekdep okuwçylary 133, talyplar 21 medal gazandylar

09:1706.07.2019
0
1432

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 6 aýynyň netijelerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde wise-premýer P.Agamyradow döwlet Baştutanyna türkmenistanly mekdep okuwçylarynyň we talyplaryň ýylyň birinji ýarymynda halkara ders we taslama bäsleşiklerinde gazanan netijeleri barada habar berdi. 

Bu barada TDH-nyň habarynda aýdylyşy ýaly, mekdep okuwçylary halkara ders we taslama bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, ýylyň birinji ýarymynda jemi 133 medala, şol sanda 33 altyn, 31 kümüş we 69 bürünç medala mynasyp boldular. Talyplarymyz halkara ders bäsleşiklerinde Türkmenistana mynasyp wekilçilik etmek bilen jemi 21 medaly (3 altyn, 7 kümüş, 11 bürünç) medaly eýelediler, şeýle hem olar internet bäsleşiklerinde jemi 153 medala (30 altyn, 64 kümüş, 59 bürünç) mynasyp boldular.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň