Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň ýolbaşçysy çalyşdy

01:0206.07.2019
0
11076

5-nji iýulda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýylyň 6 aýynyň netijelerine bagyşlanyp geçirilen mejlisiniň dowamynda döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, M.Kakabaýewi «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň başlygy wezipesinden boşadýandygyny aýtdy. Bu gullugyň başlygy wezipesine M.Hojagulyýew bellenildi diýip, TDH habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň